Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisine 10 ýyl

2019-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylyşa girizilenine 10 ýyl doldy. Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň çäginden geçýän üç sany parallel ugry (A, B we Ç) öz içine alýar. Her ugruň uzynlygy 1830 km, olaryň jemi geçirijilik ukyby ýylda 55 mlrd kub metr.

Ulanyşa girizilen döwründen bäri bu gaz geçiriji boýunça Merkezi Aziýadan Hytaýa eýýäm 300 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Iberilýän gazyň umumy möçberiniň 80 göterimden gowragyny Türkmenistan üpjün edýär.

Hökümetara ylalaşyga laýyklykda, Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) ulanyşa girizilmegi bilen Türkmenistandan HHR-e iberilýän tebigy gazyň möçberi ýylda 65 mlrd kub metre ýeter.

D şahasy Türkmenistanyň serhedinden Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çägi bilen geçer. Onuň uzynlygy 1000 km töweregi, geçirijiligi ýylda 30 mlrd kub metre barabar bolar.

Meňzeş täzelikler

2014