Türkmenistan Dubaý şäherinde nebitgaz roud-şou geçirmäge taýýarlyk görýär

2020-nji ýylda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara roud-şoularynyň täze tapgyryny geçirerler. Olaryň birinjisi 24-25-nji fewralda BAE-de Dubaý şäherinde Hyatt Regency - Dubai Creek Heights-da geçiriler.

Bu çäre Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk ösdürmek boýunça gepleşikleri dowam etmeklige we daşary ýurt maýalaryny ýurdumyzyň energetika toplumynyň maýa goýum taslamalaryna çekmeklige gönükdirilendir.

Nebitgaz toplumyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Häzirki wagtda gazy we nebiti gaýtadan işlemek boýunça mümkinçilikler işjeň ösdürilýär.

Dubaýda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» halkara roud-şou nebitgaz toplumyndaky maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumatlary ilkinji çeşmelerden almak üçin oňat meýdança bolup hyzmat eder. Maslahata 100-den gowrak kompaniýalara we guramalara wekilçilik edýän 300-den gowrak wekiliň, dünýäniň 20-den gowrak döwletiniň hökümet wekilleri we söwda firmalary gatnaşar. 15 sany ýöriteleşdirilen habar beriş serişdeleri arkaly bu çäre HBS-de giň seslenme tapar, diýip «Türkmenistanyň nebiti we gazy» roud şoularyny geçirmek boýunça Guramaçylyk geňeşiniň press-relizinde aýdylýar.

Roud-şouň iki günlük maksatnamasyna birnäçe temalar giriziler, şol sanda: Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan bloklarda känleri işläp taýýarlamak; ikinji derejeli çykaryş fazasynda irki känlerde çykaryşy işjeňleşdirmek boýunça täze tehnologiýalary peýdalanmaklyga maýa goýumlary çekmek; işläp taýýarlamasy kyn bolan känlere, gazhimiýa taslamalaryna maýa goýumlary çekmek; Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistaan transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin ägirt uly «Galkynyş» känini işläp taýýarlamagyň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmek; beýleki maýa goýum taslamalary.

Iri pudaklaýyn işewürler forumynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýalarynyň ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşmaga we ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem hyzmatdaşlyk we maýa goýum mümkinçiliklerini maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar.

Türkmenistanyň tebigy serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, infrastrukturalara we nebithimiýa senagatyna maýa goýumlar mundan beýläkki durnukly ykdysady ösüş üçin möhümdir. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi nebitiň we gazyň çuňlaşdyrylyp gaýtadan işlenilmegini we täze tehnologiýalary hem-de dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesini peýdalanmak bilen täze taslamalary işe girizmekligi göz öňünde tutýar. Bu bolsa içerki islegleri kanagatlandyrmaga we täze eksport ugurlaryny açmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014