Gazçylaryň kadaly işi — gazyň sarp edijilere bökdençsiz ýetirilmeginiň girewi

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň işgärleri Mary we Lebap welaýatynyň çäklerinde umumy uzynlygy 2570 km bolan magistral gaz geçirijisine, şeýle hem gazpaýlaýjy beketlere we ş.m. hyzmat edýärler. Gazçylar gaz geçirijileriniň tehniki ýagdaýyny, öýlerde gazyň sarp edilişini barlaýan hususy enjamlaryň ýagdaýyny yzygiderli barlap durýarlar. Bu işler şol bir wagtda içerki gaz geçirijileriň we gaz ulanyjy enjamyň doly tehniki hyzmatyny geçirmek bilen alnyp barylýar.

Şäherleriň we ilatly nokatlaryň gazlaşdyrylmagyny ösmegi bilen ýol gaz torlarynyň, gazsazlaýjy nokatlaryň we desgalaryň, olaryň howly paýlaýjylarynyň, öý içi gaz enjamynyň we gaz desgalarynyň saz ýagdaýda saklanylmagy has uly ähmiýete eýe bolýar. Gazçylaryň kadaly işi gyş möwsüminde sarp edijileriň ählisine gaz üznüksiz ýetirilýär.

Netijede «Türkmengazakdyryş» müdirliginiň №1 gaz paýlaýjy gullugy 5 sany gazsazlaýjy nokatlara, şeýle hem 30-dan gowrak gazpaýlaýjy beketlere deňdir. Tejribeli ussatlaryň we slesar-gazçylaryň kömegi bilen arassalaýyş hyzmatlary we gaz geçirijileriň, ýaşaýyş jaýlarynda we senagat kärhanalarynda gaz enjamlarynyň abatlaýyş işleri geçirilýär.

Basyş sazlaýjylarynyň hyzmatynyň, içerki gaz geçirijileriň we gaz sarp ediji enjamlaryň bellenilen möhletlerde geçirilýän tehniki hyzmaty, gaz geçirijileriň arassalaýyş hyzmatlary olaryň howpsuz we bökdençsiz ulanyşyny üpjün edýär.

Meňzeş täzelikler

2014