Saud ösüş gaznasy TOPH taslamasyny maliýeleşdirmek boýunça täze karz serişdelerini bölüp berer

Saud ösüş gaznasy Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin täze karz serişdelerini bölüp berer

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli Maliýeleşdiriliş ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

Mundan öň, 2017-nji ýylyň noýabrynda Saud ösüş gaznasy TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy üçin gaz turbalaryny satyn almak üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna maliýe serişdelerini bölüp beripdi. Şonda «Türkmengaz» DK Global Pipe Company kompaniýasy bilen turba önümlerini getirmek hakynda ylalaşyga gol çekişdi.

TOPH magistral gaz geçirijisi Türkmenistanyň günortasyndaky «Galkynyş» käninden başlap, Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherlerinden, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip, Hindistanyň günbataryndaky Fazilka şäherine çenli ýeter. TOPH-nyň taslama kuwwaty – ýylda 33 mlrd kub metr gaz.

TOPH taslamasy Russiýanyň, ABŞ-nyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň ykrarnamasyny aldy. TOPH-nyň gurluşygyny maliýeleşdirmeklige gatnaşmak meýli hakynda AÖB, ÝÖAB, YÖB, Saud ösüş gaznasy we beýlekiler beýan etdiler.

Mundan öň Yslam ösüş banky TOPH taslamasyny maliýeleşdirmek boýunda iri karz serişdelerini bölüp beripdi.

Meňzeş täzelikler

2014