Daşoguz welaýatynda ýerasty agyz suwlarynyň gözlegi boýunça meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi

Türkmenistanda giň möçberli özgertmeler maksatnamalary, şol sanda ýurdumyzyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Suw üpjünçiliginiň infrastrukturalarynyň kämilleşdirilmegi suw serişdeleriniň, şol sanda bar bolan ýerasty agyz suw gorlarynyň tygşytly we rejeli peýdalanylmagy esasynda amala aşyrylýar. Şu maksat bilen täze gorlary gözlemek bilen bir hatarda ýerasty çeşmeleriň ulanyş serişdeleriniň bahalandyrylmagy boýunça hem işler geçirilýär.

Geçen 2019-njy ýylyň dowamynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň işgärleri suwuň täze gorlaryny gözlemek boýunça uly işleri ýerine ýetirdiler. 2019-njy ýylyň 11 aýynda buraw işleriniň meýilnamasy 120,1 göterimden gowrak ýerine ýetirildi.

Ýerine ýetirilen işleriň hatarynda şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky, Gurbansoltan eje, Ruhubelent geňeşliklerinde agyz suwly guýularyň burawlanmagy, şeýle hem Köneürgenç etrabynyň birnäçe geňeşliklerinde geoekologiýa ýagdaýyny barlagyny bellemek bolar.

Gidrogeologlar gadymy Tüniderýanyň, Şasenemiň çäklerinde gözleg-barlag işlerini dowam edýärler, welaýatyň çäginde barlag edilen agyz suwunyň täze çeşmeleriniň gurluşyny, hilini, himiki düzümini we ulanyş mümkinçiliklerini öwrenýärler.

Bu işler etrabyň çäkleriniň agyz suw serişdeleri bilen üpjünçilik derejesini ýüze çykarmak zerurlygy bilen şertlenendir. Bu işler tiz artýan ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmeklige düýpli goşant goşar.

 

Meňzeş täzelikler

2014