Gurbanguly Berdimuhamedow: iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi — Owganystanyň dikeldilmeginiň esasy şerti

Häzirki döwürde Owganystanda ylalaşykly ýagdaýlara goldaw bermek meselesi has-da ähmiýetli bolup durýar, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» addy bilen geçirilen halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde goňşy ýurdumyz bolan Owganystana parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystana anyk ykdysady we ynsanperwer goldawyny berip gelýär. Şeýle kömek goňşy ýurduň çäginde lukmançylyk, bilim edaralarynyň gurluşygynda, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilmeginde, owgan ýaşlarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okadylmagynda, Owganystana ynsanperwer ýükleriniň yzygiderli ugradylmagynda we beýleki görnüşlerdäki kömek-goldawlarda öz beýanyny tapýar. Bu işleriň hemmesi Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle kömekleriň Türkmenistanda işlenip taýýarlanylan ýörite maksatnama esasynda mundan beýläk-de yzygiderli esasda ýerine ýetiriljekdigine we goldaw beriljekdigine owgan dostlarymyzy hem-de halkara bileleşigini ynandyrdy.

Owgan hünärmenleriniň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň, ilkinji nobatda, energetika, ulag hem-de aragatnaşyk ýaly durmuş taýdan wajyp pudaklardaky işleriň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady we durmuş taýdan galkynmagynyň hem-de sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Biz olary amala aşyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis we Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw bermek işinde halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Meňzeş täzelikler

2014