EIA OPEC+ ylalaşygynyň 2021-nji ýylyň ahyryna çenli uzaldylmagyna garaşýar, nebitiň bahalarynyň çaklamasyny ýokarlandyrýar

OPEC+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny 2021-nji ýylyň ahyryna çenli çäklendirerler, diýip ABŞ-nyň energetiki maglumatlary boýunça müdirligi (EIA) hasaplaýar. Bu barada Interfaks habar berýär.

«2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda OPEC döwletleri we nebiti öndüriji beýleki döwletler 2018-nji ýylyň dekabrynda ilki yglan edilen önümçilik möçberlerini has hem düýpli çäklendirýändiklerini yglan etdiler. [...] OPEC+ çäklendirmeler 2020-nji ýylyň martynyň ahyryna çenli güýjünde galar diýip aýtdy. Muňa garamazdan, EIA-nyň çaklamagyna görä, OPEC+ dünýäniň nebit bazarlarynyň deňagramlylygyny gazanmak üçin 2020 we 2020-nji ýyllaryň tutuş dowamynda çäklendirer» - diýlip, EIA-nyň aýlyk hasabatynda aýdylýar.

OPEC-iň agzalarynyň aglabasy tarapyndan nebitiň çykarylyşynyň çäklendirilmegi we Eýranda hem-de Wenesuelada çykarylyşynyň peselmeginiň dowam etmeginiň netijesinde EIA OPEC-iň nebit çykaryşynyň 2020-nji ýylda çäklendiriljekdigini we ortaça 29,2 mln barr/gün boljakdygyna garaşýar. Bu görkeziji 2019-njy ýyldakydan 0,6 mln barr/gün azdyr.

EIA-nyň çaklamasyna görä, 2021-nji ýylda OPEC döwletleri tarapyndan nebiti çykarylyşy 0,1 mln barr/gün artar.

«Brent» nebitiniň bahasynyň çaklamasy 2020-nji ýylda barreli üçin 61 dollardan 65 dollara çenli galdyryldy. 2021-nji ýylda «Brentiň» ortaça bahasy barreli üçin 68 dollar derejesinde çaklanylýar (2019-njy ýylda 64 dollar).

2020-nji ýylyň birinji ýarymynda EIA dünýäniň nebit ätiýaçlyklarynyň 0,5 barr/gün artmagyna garaşýar, bu bolsa «Brent» üçin spot bahalarynyň 2020-nji ýylyň ýanwarynda barreli 65 dollardan maý aýynda ortaça 62 dollara çenli aşaklamagyna ýardam eder.

2020-nji ýylyň tutuş dowamynda EIA dünýäniň nebit ätiýaçlyklarynyň 0,3 mln barr/gün ýokarlanmagyna, «Brentiň» bahasynyň bolsa, ortaça 65 dollara deň bolmagyna garaşylýar.

EIA-nyň çaklamasyna görä, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy döwletleriniň ätiýaçlyklary 2020-nji ýylda 2,91 mlrd barrelden 2,95 mlrd barrele çenli artar we 2021-nji ýylda çen bilen şol derejesinde galar.

Meňzeş täzelikler

2014