Daşoguz welaýatyndaky gaz geçirijileriniň enjamlaşdyrylmagy

2019-njy ýylda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýat gurluşyk-gurnama müdirliginiň gazçylary netijeli çäreleriň birnäçesini amala aşyrdylar, şolaryň hatarynda — ilatyň gaz bilen üpjünçiligi, gaz geçirijileriniň düýpli tehniki hyzmaty, welaýatyň çäginde torlaryň we desgalaryň ulanylyşy bar.

Bu günki gün müdirligiň gazçylary umumy uzynlygy 13 müň km bolan dürli basyşly gaz geçirijilerine, şeýle hem 4750-den gowrak gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy enjamlara hyzmat ediş işlerini amal edýärler. Müdirligiň işiniň esasy ugry gaz geçirijileriň senagat kärhanalaryna we gurluş desgalaryna, ilatly nokatlara çekilmegi, şeýle hem zerur bolan abatlaýyş işleriniň doly derejede berjaý edilmegi bolup durýar.

Bu hili çäreler «mawy ýangyjyň» sarp edijilere üznüksiz ýetirilip durulmagyny üpjün edýär. hünärmenleriň baý tejribesi we ýokary hünär taýýarlygy abatlaýyş işleriniň ätli toplumyny tehniki kadalary berk berjaý etmek arkaly amala aşyrmaga ýardam edýär. Netijede, Ruhubelent, Köneürgenç, Türkmenbaşy, şeýle hem Daşoguz etraplarynda işleriň düýpli möçberi ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda gazçylar tarapyndan gazyň sarp edilişini nazara alyp, gaz üpjünçilik ulgamyny oňaýly usullarda ösdürmek, tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreler işlenip düzülýär we durmuşa geçirilýär.

Meňzeş täzelikler

2014