Ýaşyldepe käninde uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşy artýar

Geçen ýyl Ýaşyldepe käninde gazylyp alnan nebitiň möçberi 200 müň tonna ýetip, göz öňünde tutulýan meýilnamadan köp alyndy. Ýaşyldepede zähmet çekýän hünärmenler şu ýyl hem görkezijini artdyrmagy göz öňünde tutýar.

Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Ýaşyldepe nebit ýatagy Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna (SNGIZ) çig maly ugradýan öňdebaryjy kändir. Ýylyň başyndan bäri kärhana 10 müň tonna çig mal bilen iberildi.

76 kilometrlik nebit geçirijisinden akdyrylýan «gara altyn» Halaç etrabyndaky Pelwert nebitguýujy terminalyna, ol ýerden hem demir ýol bilen SNGIZ-e ugradylýar.

Ýaşyldepe nebit ýatagy senagat taýdan özleşdirilmäge başlanandan bäri gaýtadan işlemek üçin millionlarça tonna uglewodorod çig maly bilen nebit zawodyny üpjün etdi.

Mälim bolşy ýaly, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýän nebit önümleri dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýar, köpsanly ýurtlara eksport edilýär.

Meňzeş täzelikler

2014