Prezident TOP ugty boýunça halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegi tizleşdirmek boýunça çäreleri gördi

Penşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça iri halkara elektroenergetika taslamalaryny durmuşy geçirmegi tizleşdirmäge gönükdirilen çäreler kesgitlenildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi. Bu ugruň aýratyn müdirlige bölünmegi TOP elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň öz wagtynda we üstünlikli gurulmagyna, şeýle hem bu ulgamda beýleki halkara taslamalaryň mundan beýläk-de amala aşyrylmagyna ýardam eder.

Döwlet Baştutany M.Artykowyň ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmekde örän köp işleri edendigini, hususan-da, onuň Owganystanda iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly goşant goşandygyny, bu ugurda ägirt uly tejribe toplandygyny belläp, oňa ýene-de bir jogapkärli wezipäni ynanmak barada karara gelendigini aýtdy. Prezident M.Artykowy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň ýolbaşçysy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutany energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň üstüne ýükleýändigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutany M.Artykowa täze döredilen müdirligiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, onuň düzümine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda tejribeli işgärleri saýlap alyp, ony çaltrak işe girizmegi tabşyrdy.

Täze energiýa köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň fewral aýynda geçirildi. Şonda taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgam hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.

2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Meňzeş täzelikler

2014