Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, BAE, Irlandiýa, Pakistan, Gyrgyzystan we Özbegistan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 million 123 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Gonkongdan hem-de Gazagystandan gelen işewürler jemi bahasy 12 million 110 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 45 million 793 müň manatdan gowrak bolan dokma enjamlaryny, Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky polietilenini hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Meňzeş täzelikler

2014