«Lukoýl» Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň çäklerinde uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen duşuşygynda maslahatlaşyldy.

Çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda russiýaly işewür Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek, nebitgaz çykarýan hem-de gaýtadan işleýän önümçilikleriň kuwwatlyklaryny artdyrmak, gaz we nebithimiýa senagatyny ösdürmek hem-de ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmek ýaly esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň barşynda işewür Türkmenistanyň Prezidentini Hazar deňzindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek babatda «Lukoýl» kompaniýasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Işewüriň belleýşi ýaly, Türkmenistanda maýa goýum ýagdaýy hem-de bu ýerde nebit we gaz ýataklaryny işläp taýýarlamaga, düzümiň gurluşygyna netijeli maýa goýmaga mümkinçilik berýän hukuk binýady döredildi. Şonuň üçin onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy şol ugurlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly hyzmatdaşlaryň başlangyçlaryny goldap, taraplarda bar bolan teklipleriň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri bilen bilelikde öwrenilmegi hem-de seretmäge hödürlenilmegi barada tabşyryk berdi.

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly, netijeli häsiýetini belledi. Munuň özi işewür gatnaşyklary, şol sanda nebitgaz senagaty ýaly möhüm ugurda gatnaşyklary has-da berkitmek üçin amatly şertleri döredýär. Bu ugur dünýäniň iri energetika döwletleri bolan ýurtlaryň ikisi üçin hem strategik ugurdyr hem-de uglewodorod serişdeleriniň ägirt köp gorlaryna eýedir.

Meňzeş täzelikler

2014