Aşgabatda Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek hakyndaky ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylýar

6-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň»  taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikinji duşuşygy öz işine başlady.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň wekilleri, şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Tebigy we antropogen şertleriň monitoringi we seljermesi bilen birlikde Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen bu taslama Türkmenistanyň we hazarýaka döwletleriniň arasyndaky ylmy-barlag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine möhüm orun eýeleýändir.

Mejlisiň birinji gününde taraplar gün tertibini makulladylar we Ylalaşygyň taslamasyna bentler boýunça seretmeklerini dowam etdirdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar çäräniň netijeli guramaçylygy boýunça türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdiler. Bilermenleriň duşuşygy 7-nji fewralda hem dowam eder.

Meňzeş täzelikler

2014