Türkmenistanyň Prezidenti: 2019-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary depginleri dowam etdi

Umuman, geçen ýyl abadançylykly ýyl boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin hökümet mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda geçen ýyla şeýle baha berdi. Öz çykyşynyň barşynda döwlet Baştutany geçen ýylda ýerine ýetirilen işlere baha berdi, şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan käbir meseleler geosyýasatda we ykdysadyýetde dartgynlylygy artdyrmagyna garamazdan, 2019-njy ýylda uly üstünlikler gazanyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetde gazanylan üstünlikler barada aýdyp, ýokary ösüş depgininiň saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 6,3 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,1, söwdada 14,2, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,1 göterime barabar boldy. Önümleriň eksporty 2018-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 4,6 göterim ösdi hem-de 9 milliard manatdan hem artdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, 11 müň täze iş orny döredildi, puluň hümmetsizlenmegini bellenen çäklerde saklamak başartdy, ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi, milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary depginli ösýär.

Bulardan başga-da, ähli pudaklarda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Täze, ýokary tehnologiýaly kärhanalar işe girizilip, eziz Diýarymyzy agrar ýurtdan senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça uly işler edildi diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.

Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde gurluşyk pudagyna 35 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumlary goýuldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 704 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi.

Oba hojalygynda gazanylan üstünlikler barada aýdyp, başarjaň daýhanlarymyzyň we mülkdarlarymyzyň hem oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başarandyklaryny belledi. Olar 1 million 700 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million tonnadan hem köp pagta taýýarlap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.

Kabul edilen döwlet maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi tanalmaz ýaly özgerýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.

Geçen ýyl biz meýdany 1,5 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Netijede, müňlerçe maşgalalar jaý toýlaryny toýladylar.

Biz ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmagy dowam edýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga, hususy eýeçiligi we hususy telekeçiligi ösdürmegiň ýolundaky päsgelçilikleri hem-de çäklendirmeleri aýryp, ykdysadyýetde döwletiň ornuny azaltmaga tarap ugur alyndy diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Şu ýyl üçin sazlaşykly, gowy býujetiň kabul edilendigini, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberiniň ýene-de ýokarlandyrylandygyna aýratyn üns berildi.

Meňzeş täzelikler

2014