Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylaryň öňünde 2020-nji ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi

Şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipeleri ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini gowulandyrmakdan, girdejilerini artdyrmakdan, täze iş orunlaryny döretmekden we maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin hökümet mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzyň ösüşini, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmagy, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerini çözmekde ýerli häkimiýetleriň ornuny ýokarlandyrmagy kanunçylyk taýdan üpjün etmekden başga-da, Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly taýýarlyk çärelerini hem ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny aýtdy we Mejlisiň öňünde durýan wezipelere biraz soňrak, deputatlar bilen duşuşykda has jikme-jik serediljekdigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada durup geçip, wise-premýeriň, daşary işler ministri R.Meredowyň ünsüni ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň wezipelerine çekdi. Hökümetiň Baştutanynyň orunbasaryna, DIM-niň ýolbaşçysyna şu ýyl amala aşyryljak saparlaryň, halkara duşuşyklaryň we maslahatlaryň maksatnamasyny hem işläp taýýarlamak, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly baýramy bilen bagly çärelere gowy taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa we nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, nebitgaz pudagyny ösdürmek we döwrebap ýagdaýa getirmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän innowasion önümçilikleri emele getirmek we onuň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli turbageçiriji ulgamyny döretmek ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.

Döwlet Baştutany şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň strategik taýdan möhüm taslamasynyň gurluşygyny hem işjeň alyp barmagyň, gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän möçberlerini we eksportyny artdyrmak boýunça işleri hem dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyny ösdürmek meseleleri barada durup geçip, Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň, welaýatlaryň hem-de etraplaryň häkimleriniň, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni däne we pagta ýygymy möwsümlerine çekdi. Oba hojalygynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, zyýan çekýän daýhan birleşiklerini kärendä, mülkdarçylyga, ýerleri daýhanlara uzak möhletleýin kärendä bermek işlerini dowam etmek zerurdyr.

Şäherlerimizi we obalarymyzy, oba hojalyk pudagyny suw bilen doly üpjün etmek üçin suw desgalaryny, akabalary, suw göterijileri abatlamagyň hem-de gurmagyň zerurdygy öňde durýan işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini hem giňden alyp barmak wajypdyr.

Döwlet Baştutany mejlisiň jemlerini jemlemek bilen, ata Watanymyzyň özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Meňzeş täzelikler

2014