Ýangyç-energetika toplumynyň 2019-njy ýylda ösüşiniň jemleri jemlenildi we ýolbaşçylar wezipä bellenildi

Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüşiniň jemleri jemlenildi.

Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebit we gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, şeýle hem nebit önümlerini we «mawy ýangyjy» eksport etmek, maýalary özleşdirmekde gazanylan netijeler babatda habar berildi. Nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 100,8 göterim, benzin öndürmek boýunça 100 göterim, dizel ýangyjy boýunça 101 göterim, suwuklandyrylan gaz boýunça 102,8 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýeriň alyp barýan işinden nägiledigini aýtdy hem-de wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, oňa berk käýinç yglan etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewe, soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary J.Orazowy şol konserniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden we «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutany döwlet konserniniň başlygy wezipesine G.Baýgeldiýewi belläp, ony şol edaranyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer M.Meredowa hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň görkezijileriniň pesliginiň esasy sebäpleriniň täze açylan ýataklary özleşdirmegiň haýal depginler bilen alnyp barylýandygyny hem-de önüm bermeýän guýularda düýpli abatlaýyş işleriniň ýeterlik derejede geçirilmän, şol işleriň netijeliliginiň pes bolmagyndandygyny belledi.

Döwlet Baştutany pudagyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmagyň we maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna, nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Meňzeş täzelikler

2014