Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar

Ýewropa ugry Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonson bilen duşenbe güni geçiren duşuşygynda belledi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň milli Liderimize aýdan hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Şeýle hem ilçi Ýewropa ýurtlarynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalar we maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy hem-de olaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär.

Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady, hukuk, ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetika, medeniýet, ynsanperwer we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýan birnäçe ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda açylan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasyna möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Ol hyzmatdaşlyga täze itergi berip, gatnaşyklaryň işjeň we netijeli häsiýete eýe bolmagyna hem-de ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze Strategiýasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berer.

Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berildi. Munuň özi dünýä ykdysadyýetiniň umumylaşmagy bilen has-da möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklar ulag diplomatiýasy ýaly hil taýdan täze ugur boýunça has-da berkidilýär. Biziň ýurdumyz şu ugry döredijileriň biri bolmak bilen, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde bu mesele boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny öňe sürdi.

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli ulgamyň gurluşygy, «Lazurit» ulag-üstaşyr geçelgesiniň bir bölegi bolan demirýol we awtomobil ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagy — bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sosial we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam eder, sebitde netijeli özara gatnaşyklaryň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri döreder, diýlip duşuşykda bellenildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesine taýýarlyk görmek meselelerine deglip geçildi. Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesiniň senesi mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli halkara maslahat geçiriler.

Diplomat Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen netijeli özara gatnaşyklara ynam bildirýändigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşigi bilen birek-birege hormat goýmak, işjeňlik we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Meňzeş täzelikler

2014