Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar aýy boýunça jemleri jemlenildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz toplumynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemi jemlenildi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 109,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 107,2 göterim, çalgy ýaglarynyň önümçilik meýilnamasy bolsa 103 göterim ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 135,5 göterime, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 106,1 göterime, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň ösüş depgini 104,2 göterime deň boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, onuň önümçilik, ylmy-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak wezipeleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany nebitgaz toplumyna uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi. Pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, içerki bazarda hem-de daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň köp görnüşlerini çykarýan nebit we gazhimiýa önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň kärhanalarynyň esasy tehniki-ykdysady görkezijileriniň ýeten derejesini saklamak hem-de tutuş sebit üçin möhüm ähmiýetli Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylyşyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak babatda degişli çäreleri görmek barada görkezmeleri berdi.

Meňzeş täzelikler

2014