Pudaklaýyn ýygnakda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň 2019-njy ýyl boýunça jemleri jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda hasabat duşuşygy geçirildi. Onda pudagyň kärhanalarynyň geçen 2019-njy ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi.

Gün tertibiniň meselelerine geçmek bilen, wise-premýer Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekili Serdar Gubaýewe söz berdi. Onuň çykyşynda ýurdumyzyň ykdysady we sosial ösüşine ýaramaz täsir edýän korrupsiýa we düzgün bozmalara garşy göreş meselelerinde üns jemlenildi. Baş prokuraturanyň wekili pudagyň işinde şular ýaly ýaramaz hadysalara garşy göreşmek, olaryň öňüni almak we dolulygyna aradan aýyrmak boýunça çäreleri mundan beýläk hem berkitmegiň möhümliginde ünsi jemledi.

Soňra hasabat maslahatynda alnyp barlan işler barada Döwlet ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew, «Türkmennebit» DK-nyň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» DK-nyň başlygy Ş.Abdrahmanow, TNGIZT-niň baş direktory B.Amanow, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-nyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji D.Çişiýew, şeýle hem toplumyň müdirlikleriniň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Hasabatlarda 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň netijeleri barada maglumatlar aýdyldy. Şol mejlisde nebitgaz senagatynyň depginli ösüşiniň, onuň önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň berkidilmeginiň wezipeleri kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz senagatyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, pudagyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyň, ýurduň içinde we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit we gazhimiýa önümçilikleriniň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, işde gazanylan görkezijileri berkitmegiň möhümligi bellenildi,şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depgini  ýokarlandyrmagyň zerurlygy bellenildi.

Toplumyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda «Galkynyş», Döwletabat känlerinde toplumlaýyn işleri yzygiderli artdyrylýandygyny, şeýle hem hereket edýän Uzynada, Altyguýy, Goturdepe känlerinde öndürijiligiň artdyrylýandygyny we täze guýularyň özleşdirilýändigini bellediler.

«Tatneft», «Ýugneftegaz» kompaniýalary bilen bilelikdäki işleriň alnyp barlyşy barada habar berildi. Tebigy gazy, nebiti çykarmak, nebit önümlerini öndürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudaga özara bähbitli daşary ýurt maýalaryny çekmek, ilaty gazlaşdyrmak ugurlaryna goýberilen serişdelerini özleşdirmek boýunça önümçilik-ykdysady görkezijilere seljerme berildi.

Ýygnagyň dowamynda şeýle hem ylmy-barlag we taslama işleriniň — «Türkmengaz» DK-nyň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň hünärmenleri tarapyndan durmuşa geçirilýän gözleg işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Maslahatyň ahyrynda wise-premýer oňa gatnaşyjylaryň ählisinde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Meňzeş täzelikler

2014