Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň möhümligini belledi

Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugrudyr. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sişenbe güni geçirilen iş maslahatynda belledi.

Şol sanda Ministrler Kabinetiniň orunbasary M.Meredow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça möhüm wezipeler bilen baglanyşykly nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, nebitgaz känlerinde alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak, iň esasy bolsa toplumyň ähli düzümlerine häzirki zaman tejribesini, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Bellenilişi ýaly, toplumyň köpugurly esasda ösdürilmegi wajyp ugurlaryň biri bolup durýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmek bilen bir hatarda Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Meňzeş täzelikler

2014