Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Türkmenistanyň we RF-iň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary soňky ýyllarda ähli ulgamlarda okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar hem-de döredilen ygtybarly şertnamalaýyn –hukuk binýady Türkmenistanyň we Russiýanyň uzakmöhletleýin esasda giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, täze özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Geçen ýylda özara haryt dolanyşygy 2,6 esse ýokarlandy. Bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmakda bilelikdäki hökümetara toparynyň işine hem-de işewürler düzümleriniň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.

Wladimir Putin türkmen kärdeşine iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary, şol döwürde kabul edilen resminamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek söhbetdeşligiň esasy meseleleri boldy. Şol resminamalaryň hatarynda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen kabul edilen strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama hem bar.

Türkmenistanda rus kapitaly bilen 190-dan gowrak kompaniýa hereket edýär. Geçen ýyl «Gazprom» rus kompaniýasy üç ýyllyk arakesmeden soňra türkmen gazyny satyn almaklygyny gaýtadan dikeltdi. 2009-njy ýyldan bäri «ARETI» holdingi taýýar önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň esasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde öz işini alyp barýar.

Ýangyç-energetika toplumy, gämi gurluşygy, awtomobil gurluşygy, deňizde ýük gatnawy, oba hojalygy, şol sanda azyk harytlaryny rus bazarlaryna ibermek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.

Birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Sankt-Peterburg, Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk sebitleri bilen işewür gatnaşyklary işjeň ýola goýýar.

Meňzeş täzelikler

2014