Azerbaýjan we Gruziýa Türkmenistanyň nebit önümlerini üstaşyr geçirmegiň nyrhlaryny arzanlatdy

Türkmenistanyň nebit önümleriniň Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen üstaşyr geçirilmegi täze nyrhlar boýunça amala aşyrylar. Gruziýanyň we Azerbaýjanyň demir ýol kompaniýalary Türkmenistanyň nebit önümleriniň aşaklandyrylan nyrhlarda möwsümleýin üstaşyr geçirilmegi hakynda Ylalaşyga gol çekdiler, diýip «Gruzin demir ýollary» PJ-niň metbugat-gullugy habar berýär.

Habar berlişi ýaly, gepleşige gatnaşyjylar türkmen nebitini we nebit önümlerini daşamak üçin ýeke-täk nyrh meselesini biragyzdan ylalaşdylar. Nebit önümleriniň möwsümleýin daşalmagy 1-nji aprelden 1-nji noýabr aralygynda amala aşyrylýar.

2007-2008-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan Gruziýanyň üstünden 200 müň tonnadan gowrak nebit we nebit önümlerini daşaýardy. Emma Gruziýada ýagdaýlaryň durnuksyzlaşmagy netijesinde ugur üýtgedildi: Mahaçkalanyň üsti bilen Noworossiýske, diýip çeşme habar berýär.

2015-nji ýylda üstünlikli geçirilen gepleşiklerden soňra türkmen nebit önümleri Gruziýanyň üsti bilen Ýewropa eksport edilip başlandy. Şu tapgyrda Türkmenistandan her ýylda 1,5 mln tonna nebit daşamak hakynda ylalaşyk hereket edýär.

Meňzeş täzelikler

2014