«ARETI-niň» ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine edilen işler barada hasabat berdi

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşykda dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda kompaniýa ynanylan taslamalary ilerletmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, Hazaryň türkmen ýalpaklygyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada habar berildi.

Ýatladyp geçsek, 2019-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Igor Makarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni edip belledi.

Geçen ýylyň mart aýynyň ahyrynda «Türkmennebit» DK we «ARETI» özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu resminama Hazar ýalpaklygynda Uzynada meýdançasyny özleşdirmekligi göz öňünde tutýar. Resminama laýyklykda, «ARETI» bir ýylyň dowamynda Uzynada hakynda berlen maglumatlary öwrenip, serwis hyzmatlaryny hödürlemek boýunça şertnama baglanyşmak hakynda gepleşikleri geçirmelidi.

2017-2019-njy ýyllar aralygynda «Türkmennebit» DK we «Türkmengeologiýa» DK Uzynada meýdançasynda çuňlugy 7000 metr bolan birnäçe aşa çuňlukdaky guýulary burawladylar. Olaryň birnäçesinden uglewodorod çig malynyň senagat akymy alyndy.

Häzirki wagtda «Türkmennebit» we «Türkmengeologiýa» bu meýdançanyň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek maksady bilen bu ýerde geologiýa gözleg işlerini dowam edýärler.

«ARETI Group» — ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanyň hyzmatdaşy. Kompaniýanyň iň iri taslamasy 2009-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen gol çekilen Hazar deňziniň türkmen kenarynda 21-nji deňiz blogyny işläp taýýarlamak hakynda taslama bolup durýar.

Meňzeş täzelikler

2014