Prezident: Dubaýda geçiriljek forumlar dünýäniň iri maýa we nebitgaz kompaniýalary bilen göni işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly penşenbe güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 24-25-nji fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahaty hem-de nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk ar alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow bu barada hasabat bermek bilen, bu çärelere türkmen wekiliýeti bilen birlikde, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň, maliýe düzümleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşjakdygyny habar berdi.

Forumyň gün tertibine sebitde parahatçylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň orny, ýurdumyzda gazhimiýa pudagyny ösdürmegiň geljegi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz ýataklaryny özleşdirmegiň taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek, nebit hem-de gaz ýataklarynyň önüm berijiligini artdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny, uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemek we marketing bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçiriler. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary meýilleşdirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň dünýäniň energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyna gönükdirilendigini nygtady. Dünýäniň döwletleri hem-de işewür toparlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk şol strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk bolsa hoşmeýilli erk-islegler hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýar.

Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän ýöriteleşdirilen pudaklaýyn forumlara möhüm orun degişlidir. Şeýle çäreler, ilkinji nobatda, tejribe alyşmak, geljegi uly taslamalara maýa goýumlaryny hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda uly gyzyklanma döredýär.

Döwlet Baştutany TOPH taslamasynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Onda ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk syýasatyna, netijeli halkara başlangyçlaryna esaslanýan, ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny kemala getirmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz aýdyň beýanyny tapdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegi, Hazaryň türkmen kenaryndaky we kenarýaka zolagyndaky ýataklary özleşdirmegi, geljegi uly nebit hem-de gaz ýataklaryny gözlemegi, sebitlerde nebiti we gazy gaýtadan işleýän toplumlary gurmagy bu gün Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Prezident wise-premýere ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň gazanan üstünliklerini hem-de köpugurly kuwwatyny görkezmäge, dünýäniň iri maýa we nebitgaz kompaniýalary bilen göni işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen, Dubaýda geçiriljek forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014