«Türkmenabatşähergaz»: Lebap welaýatynyň üznüksiz gaz üpjünçiligi

Lebap welaýatynyň «Türkmenabatşähergaz» gaz hojalyk müdirligi tutuş sebitiň üznüksiz gaz bilen üpjünçiligini üpjün edýär. Kärhananyň hünärmenleri köp ýyllaryň dowamynda ýokary hünär taýýarlygyny we derejesini görkezýärler.

«Türkmenabatşähergaz» müdirligi 560 kilometrden gowrak gaz geçirijini ulanýar, 47 müňden gowrak gazlaşdyrylan öýlere we öý hojalyklaryna, 62 gazpaýlaýjy beketlere, 455 gaz sazlaýjy desgalara hyzmat edýär. Kärhanalaryň aglabasynyň işi we Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň ojaklarynyň ýyly bolmagy gazyň bökdençsiz we durnukly berlip durulmagyna bagly bolýar.

Bu günki gün Lebap welaýatynyň gaz üpjünçiliginiň durnuklylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrýan gaz paýlaýjy ulgamynyň tehnologik ölçegleri kämilleşdirildi. Kärhananyň hünärmenleri gaz üpjünçilik ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak we sebitiň ilatyny we kärhanalaryny gaz bilen üpjün etmegiň şertlerini gowulandyrmak boýunça işleri yzygiderli alyp barýarlar. Şu maksat bilen «Vretec-8/ Eh» täze häzirki zaman gaz analizatorlary ornaşdyryldy.

Köp ýyllyk iş tejribesinden peýdalanyp, ilaty gaz bilen üpjün etmegiň täze tehnologiýalaryny ornaşdyryp we usullaryny kämilleşdirip, «Türkmenabatşähergaz» müdirligi ýokary jogapkärçilik bilen baş wezipäni — sebitiň üznüksiz gaz üpjünçiligini amala aşyrýar.

Meňzeş täzelikler

2014