Prezident «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» sergisini we maslahatyny ýokary derejede gurnamagy tabşyrdy

Häzirki wagtda 28 — 30-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly sergä we maslahata taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, onuň köpugurly esasda ösdürilmegine, nebit we gazhimiýa önümleriniň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaýyn düzümiň senagat we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ýangyç-energetika toplumynyň ösüş maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaýyn düzümiň senagat we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ýangyç-energetika toplumynyň ösüş maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutany bu gün nebitgaz senagatynyň ýokary ösüş depginini hem-de maýa goýum işjeňligini saklamagyň, ýerli önümçiligiň mukdaryny artdyrmagyň esasy wezipe bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ýataklarynyň netijeli işlenip taýýarlanylmagyna mümkinçilik berýän öňdebaryjy tejribelere we täzeçil tehnologiýalara eýe bolan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň wajypdygy nygtaldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň köpugurly kuwwatyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny beýan etmegi esasy ugur edinýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014