Ýangyç-energetika toplumy AÖB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň üns merkezinde

Uglewodorodlaryň bazarynyň diwersifikasiýasy we energiýa söwdasyna ýardam etmeklik Aziýa ösüş bankynyö Türkmenistan bilen geljek üç ýyl üçin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolar. Bu AÖB-niň 2020-2022-nji ýylllarda Türkmenistan üçin ýurt meýilnamalarynyň işewür meýilnamasynda çap edildi.

Goldaw bermegiň beýleki ugurlarynyň hatarynda bazarlaryň arabaglanyşygyny gowulandyrmak we hususy pudagy ösdürmek üçin ulag infrastrukturasyna maýa goýumlaryň hasabyna uglewodorod däl toplumlaryň diwersifikasiýasy; şeýle hem ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça intellektual iş we hökümetiň ösüş ulgamyndaky maksatlaryndan gelip çykýan özgertmeler.

Bu meýilnama AÖB-niň 2030-njy ýyl üçin Strategiýasyndan gelip çykýan ileri tutulýan operasion ilerlemeleri öz içine alýar. Bu Strategiýa – howanyň üýtgemegine garşy göreş, ekologiýa durnuklylygy ýokarlandyrmak, dolandyryş we institusional mümkinçilikleri berkitmek, sebit hyzmatdaşlygyna we integrasiýasyna ýardam etmek.

Türkmenistan bilen AÖB-niň hyzmatdaşlygy 2000-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär. Ol esasan hem ýurduň eksport bazarlaryny diwersifikasiýaşdyrmagyna we ulag hem-de energetika pydaklarynyň ugurdaş ösdürilmegine gönükdirilendir.

Hususan-da, AÖB türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana uzakmöhletleýin iberilmegini ýola goýmak boýunça bilermenlik ýardamyny teklip etdi. Beýleki taslamalaryň hatarynda: «Merkezi we Günbatar Aziýada taslamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin şäher maýa goýum meýilnamalaşdyryşy berkitmek», «Merkezi Aziýada Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynda söwda durnukly ýardam etmek boýunça netijeleri gazanmakda hususy pudak bilen hyzmatdaşlyk», Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy ýurtlarynda müşderilere gowy hyzmat etmek üçin gowy gümrükhana», «Merkezi Aziýa energiýa ulgamynda energiýanyň serhetara söwdasyny giňeltmek boýunça sebit hyzmatdaşlygy — Merkezi Aziýa energiýa ulgamynda agzalygy giňeltmek» we beýlekiler.

Bank tarapyndan makullanan Türkmenistan üçin karzlaryň toplumy 125 mln dollara deň. 2010-njy ýylan bäri Türkmenistan şeýle hem Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy maksatnamasynyň çäklerinde tehniki ýardam taslamalaryna hem gatnaşýar.

Umuman, AÖB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze meýilnamasy 2017-2021-nji ýyllar üçin ýurt hyzmatdaşlyk strategiýasyna laýyk gelýär.

Meňzeş täzelikler

2014