«Türkmen Senet» HJ ýerli polirpopilenden dokma däl materiallaryň önümçiligini ýola goýdy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan «Türkmen senet» Hojalyk Jemgyýetiniň önümçiligini ýola goýan dokma däl önümleriniň täze görnüşleri üçin esasy çig mal boldy.

Täze önüm Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň gazananlarynyň sergisinde hödürlenildi. Sergi 17-18-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilip, TSTB-niň 200-den gowrak agzasyny özünde jemledi.

Öň gurluşyk meseleleri bilen meşgullanan «Türkmen Senet» HJ iki ýyl mundan öň dokma däl materiallaryň önümçiligine ýöriteleşmek kararyna geldi. 2019-njy ýylda zawod guruldy. Onda 2020-nji ýylyň başyndan bäri TNGIZI-de öndürilýän ýerli polipropilenden dokma däl materialyň önümçiligi ýola goýuldy.

Häzirki tapgyrda bu kompaniýa dokma däl materiallary rulonlap öndürýär, ol ýerli lukmançylyk senagatynda giňden ulanylýar. Hususan-da, ondan maskalar we lukmançylyk geýimleri, hassahanalar üçin örtgüler taýýarlanylýar.

Mundan başga-da, ekotorbalaryň tikinini ýola goýdy, ýakyn wagtda bolsa, önümleriniň görnüşlerini giňeltmegi meýilleşdirýär we önümlerini Türkiýä we Russiýa eksport etmäge taýýarlanýar.

Meňzeş täzelikler

2014