Baha söweşinde Er-Riýadyň nobatdaky ädiminden soň, «Brent» 25 dollardan aşak düşdi, WTI 20 dollara geldi

Saud Arabystanynyň Russiýa bilen baha söweşindäki nobatdaky ädimi nebit bahalarynyň gaýtadan aşaklamagyna getirdi. Çarşenbe güni «Brentiň» bahasy 14,7 göterim aşaklap, 24,52 dollara deň boldy. Bu görkeziji 2003-nji ýyldan bäri iň aşak görkezijidir, diýip Interfaks habar berýär.

MarketWatch-yň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda uly bolmadyk kadalaşma bolup geçdi – barrel 25,94 dollar (aşaklama 9,7 göterim).

Çarşenbe güni Saud Arabystanynyň Energetika ministrligi Saudi Aramco döwlet kompaniýasyna nebit ibermelerini günde 12,3 mln barrel derejede saklamagy belledi. Şol bir wagtda Er-Riýad koronawirus zerarly islegiň peselmeginden ejir çekýän bazarda teklibi birdenkä artdyryp diňe bir «krandy açmak» bilen çäklenmedi, ol Ýewropadan, Aziýadan we ABŞ-dan öz nebitini satyn aljaklara düýpli arzanladyşlary teklip etdi.

Häzirki wagtda nebitiň bahalarynyň aşaklamagy OPEC+ ylalaşygy bes etmezden öňki derejesine gatnaşdyrylanda 45 göterime deň.

«Biziň syn edýän zadymyz — bu nebit bazarlary üçin atom partlamasyna barabar zat» - diýip, Bloomberg Rystad Energy-nyň analitigi Luiza Diskonyň aýdanlaryny getirýär. Onuň pikirine görä, bahalar özüne düşýän nyrh bilen deňagramlylyga gelýänçä we önümçilik azalyp başlaýança aşaklamagyny dowam eder.

WTI nebitiniň bahasy 25,6 göterim aşaklap, 20,05 dollara deň boldy. kadalaşmanyň çäklerinde az-kem ýokarlanyp, 21,74 dollara ýetdi.

Meňzeş täzelikler

2014