WTI-niň bahasy ýokarlanmagyny dowam edýär, «Brent» 26,33 dollara çenli gymmatlady

Düýpli aşaklamdan soňra anna güni nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär. Interfaks agentliginiň habar berşi ýaly, «WTI-niň» bahasy penşenbe güni rekord dereje – 24 göterim ýokarlandy. Bu ýokarlanma ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Strategik nebit goruna (Strategic Petroleum Reserve, SPR) 30 mln barrel nebit satyn almak baradaky görkezmesinden soň amala aşdy. ABŞ beýle etmek bilen amerikan bazarynda bahalary saklap galmak isleýär.

WTI nebitiniň bahasy 4,4 göterim ýokarlanyp, 26,33 dollara ýetdi. Öňküsi gün onuň bahasy 4,85 dollar ýokarlanyp, 25,22 dollara ýetipdi.

Brentiň bahasy 2,74 göterim ýokarlanyp, 29,25 dollara deň boldy. Penşenbe güni ol 14,4 göterim ýokarlanyp, 28,47 dollara ýetipdi.

The Wall Street Journal gazetinde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň nebit bazaryny kadalaşdyrmaga ýykgyn edip, rus-saud nebit baha söweşine goşulmak mümkinçiligine seredýändigi barada habary hem bahalara goşmaça itergi berdi.

Waşington diplomatik ýollar arkaly Saud Arabystanynyň nebit önümçiligini azaltmagyny gazanmak isleýär. Mundan başga-da, Russiýa babatda goşmaça çäklendirmeleri girizmek mümkinçiliklerini öwrenýär, diýip gazetiň çeşmeleri habar berýär.

Meňzeş täzelikler

2014