«Mawy kenar» Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynda eko-taslamany durmuşa geçirýär

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň gazananlarynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen sergisinde Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary ýurduň içinde bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýan önümlerini we hyzmatlaryny hödürlediler. Şol sanda, sergä gatnaşyjylar hususy kompaniýalaryň ekologiýa we nebitgaz ulgamlarynda innowasion taslamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Nebitden hapalanan topragy arassalamak bilen meşgullanýan «mawy kenar» bilelikdäki kärhanasynyň diwarlygy hem şu mowzuga bagyşlandy. Nebit hapalanmalary sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsine howp salýar, nebit we nebit önümleri topragyň zaýalanmagyna getirýär. Tebigy obýektleriň öz-özüniň arassalanmagynyň uzak möhleti alýandygyny nazara alyp, rekultiwasiýa ýa-da topragy emeli dikeltmeklik aýratyn aktuallyga eýe bolýar.

2018-nji ýylyň fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň çäklerinde topragyň nebit bilen zaýalanan böleklerini arassalamak boýunça «Türkmennebit» döwlet konsernine «Mawy kenar» BK bilen şertnama baglanyşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi. Bu ekologiýa taslamasyny amala aşyrmak boýunça şertnama 15 ýyla niýetlenendir.

2018-nji ýylda döredilen «Mawy kenar» bilelikdäki kärhanasyny bu ugurdaky ilkinji türkmen kompaniýasy bolan «Gazyk», Kanadanyň «Benel Technical Services» we «Hazar Balyk» esaslandyrdy.

Sergide kompaniýa bug generatorlarynyň we dizel generatorlarynyň kömegi bilen tehnologiýalary ulanmagyň maketini hödürledi. Kärhana nebitden zaýalanan ýerleri arassalamakda täze tehnologiýalary ulanýar. «Mawy kenaryň» hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, eýýäm 5-10 ýyldan Balkan welaýatynda gül açýan ösümlik dünýäsini we haýwanat dünýäsini görmek bolar.

Meňzeş täzelikler

2014