Türkmenistanyň Prezidenti dünýä bazarynda çylşyrymly ýagdaýlarda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda ýangyç-energetika toplumynda önümçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde ösen tejribäni, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ony toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek toplumyň pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, nebitgaz senagatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar, Demirgazyk Goturdepe, Uzynada, Altyguýy ýaly täze nebit ýataklary açylýar hem-de ulanylmaga berilýär. Nebiti gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatlyklar döredilýär, şeýlelikde, nebit önümleriniň halkara bazarlara eksport edilýän möçberi artdyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutan häzirki döwürde dünýäde emele gelen ýagdaýyň netijesinde, nebit bazarlaryndaky nyrhlaryň üýtgäp durýandygyny aýdyp, dünýä ykdysadyýetinde hem-de halkara bazarlarda çig nebitiň we nebit önümleriniň sarp edilýän möçberiniň pese düşendigine ünsi çekdi.

Türkmen Lideri munuň ýurdumyzyň önümçilik hem-de maliýe görkezijilerine täsiriniň bardygyny belläp, nebiti çykarmagyň möçberiniň gazanylan ösüş depginini saklamak hem-de 2020-nji ýyl üçin bu pudagyň maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin bähbitli teklipleriň taýýarlanylmalydygyny nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda häzirki ýagdaýda iň gowy ykdysady görkezijileri gazanmaga mümkinçilik berýän nebit önümleriniň käbir görnüşlerini öndürmek hem-de ýerlemek barada degişli ýolbaşçylaryň tekliplerini diňledi.

Ilki bilen döwlet Baştutany «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewiň bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň üç aýynda nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 9,7 göterim artyk ýerine ýetirildi. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan şu döwürde bellenilen meýilnama 1,7 göterim artyk berjaý edildi. Şeýlelikde, onuň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 105,9 göterime deň boldy.

Häzirki döwürde täze ýataklary özleşdirmek işleri batly depginde alnyp barylýar. Hususan-da, Demirgazyk Goturdepe käninde iki guýyny kese-ýapgytlaýyn burawlamak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek babatynda halkara bäsleşik yglan edildi. Guýulary burawlamagyň şu usuly olaryň önüm berijiligini 2-3 esse artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, täze ýataklary açmak, şolary özleşdirmek işleriniň dowam edýändigi, Gyzylgum çöketliginde taslama çuňlugy 6 müň 500 metr bolan 7-nji belgili Günorta Uzynada guýusynyň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigi, häzir «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan meýdançanyň ylmy taýdan özleşdirilýändigi, senagat ähmiýetli önümli gatlaklary tapmagyň taslamasynyň taýýarlanylýandygy barada habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň toplumyň ykdysady kuwwatyna ýaramaz täsiriniň öňüni almak hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, toplumyň düzümleriniň işine häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin işleriň toplumlaýyn we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň esasynda ýola goýulmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunlukda, täze nebit ýataklaryny gözlemek, ozal hereket edýänleriniň önüm berijiligini ýokarlandyrmak işleri ylmy esasda alnyp barylmalydyr.

Türkmen Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, pudagyň ylmy-barlag institutlarynyň işläp taýýarlan ylmy işlerini, häzirki zamanyň ösen tejribesini önümçilige ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýle hem öňdebaryjy dünýä tejribesini giňden peýdalanmak zerurdyr diýip, Prezident aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, toplumyň işine öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylmalydyr, dolandyryş ulgamy sanly görnüşe geçirilmelidir, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şeýle hem täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek hem-de nebitgaz senagatynyň gaýtadan işleýän toplumyny ylmy esasda ösdürmek wajypdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Prezident maslahata gatnaşyjylaryň öňünde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak, onuň eksport kuwwatlyklaryny köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri möhüm wezipe hökmünde kesgitledi we olary ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumynyň tehniki-ykdysady görkezijilerini has-da gowulandyrmak üçin bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylmagyna, düzümleýin bölümlere ylmyň we tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, pudaga maýa goýumlaryň çekilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

«Türkmennebit» döwlet konserni bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň häzirki zaman görnüşlerini ýola goýmak, täze nebit ýataklaryny açmak hem-de şolary özleşdirmek, ozal hereket edýän känlerde bar bolan gorlary doly çykarmak meselelerine möhüm ähmiýet bermelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutany önümçilik düzümleriniň işini netijeli guramagyň möhümdigine ünsi çekip, nebit önümlerini ýerlemekde halkara bazarlary öwrenmek, önümleriň has uly islegden peýdalanýan görnüşlerini kesgitlemek maksady bilen marketing seljermelerini geçirmek boýunça tabşyryk berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014