ABŞ nebitiň bahalaryny durnuklaşdyrmak maksady bilen G20-de Saud Arabystanyna ýüzlenmek isleýär

G20 duşuşygynyň öňýanynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Er-Riýady «ýagdaýdan has belentde bolmaga» we dünýäniň nebit bazaryny durnuklaşdyrmak üçin tagallalar etmäge çagyrdy.

The Wall Street Journal neşiriniň öz çeşmelerine salgylanyp habar berşi ýaly, ABŞ penşenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde geçiriljek G20 duşuşygynda nebitiň önümçiligini çäklendirer ýaly Saud Arabystanyna basgy basgy etmek isleýär, diýip Interfaks habar berýär.

Sişenbe güni Pompeo Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salman bilen dünýäniň energetika bazaryndaky ýagdaýy maslahatlaşdy, diýlip Döwlet departamentiniň beýanatynda aýdylýar.

«Döwlet sekretary Pompeo we mirasdüşer şazada dünýäniň energetika bazarlarynda durnuklylygy saklamagyň zerurlygynda ünsi jemlediler. Döwlet sekretarynyň belleýşi ýaly, dünýä möhüm ykdysady kesgitsizlik bilen ýüzbe-ýüz bolan ýagdaýynda G20-niň başlygy we möhüm energetiki lider hökmünde Saud Arabystany global energetiki we maliýa bazaryny köşeşdirmek üçin reaal mümkinçiliklere eýedir» - diýlip resminamada bellenilýär.

Mundan öň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy diplomatik ýollar bilen Saud Arabystanyny nebit önümçiligini peseltmäge mejbur etmek hem-de Russiýa täze çäklendirmeleri salmak arkaly russiýa-saud nebit baha söweşine goşulmak mümkinçiligine seredýär diýlip habar berildi.

WSJ-nyň ýagdaýa belet birnäçe çeşmelere salgylanyp bellemegine görä, täze strategiýa ABŞ-nyň administrasiýasynyň nebit bazaryna täsir etmek üçin diplomatik goşulmasyny tizleşdirmek boýunça ABŞ-nyň nebit kompaniýalarynyň Trampyň administrasiýasyna ýüz tutmasyndan gelip çykýar, diýip neşir ýazýar.

Bu strategiýanyň maksady — Russiýa bilen Saud Arabystanynyň arasynda ýüze çykan, nebitiň bahalaryny ýumran we onlarça amerikan öndürijilerini batmak howpuna getiren baha söweşinden çykalga tapmak bolup durýar.

Garaşylyşy ýaly, ABŞ saudlylary şu aýda yglan edilen önümçiligi artdyrmak baradaky çözgüdinden öňki olaryň has pes derejedäki nebit önümçiligine geçmegine çagyrar (OPEC+ ylalaşygy ýatyrylandan soňra Saud Arabystany önümçiliginiň 9,7-den 12,3 mln b/g çenli artandygyny yglan etdi), diýip ýagdaý bilen tanyş bolan çinownik belledi.

Meňzeş täzelikler

2014