Prezident Türkmenistanda iş alyp barýan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagy tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly penşenbe güni geçiren nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, nebitgaz senagatynyň önümçilik we serişdeler kuwwatyny berkitmek, pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de işgärleriň hünärlerini kämilleşdirmek, nebitgaz ulgamynda ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk guramak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu baýlygyň netijeli ulanylmagynyň milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge täze kuwwatly itergi berjekdigini, nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek hem-de türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň eksport ugurlaryny artdyrmak üçin şertleri üpjün etjekdigini belledi.

Bularyň hemmesi maýa goýmak hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutany Türkmenistanda işleýän daşary döwletleriň ygtybarly kompaniýalary – «Petronas», «Dragon oil», Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy, «Kawasaki», «Sojitz», «TOYO», «Mitsubishi», «ITOCHU», «LG», «Hyundai», «Eni», «Mitro International», «Petrofac», «Tatneft», «Rönesans Holding» we beýlekiler bilen işleriň gerimini giňeltmek barada wise-premýere degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Meňzeş täzelikler

2014