SNGIZ-niň hünär taýýarlaýyş merkezinde uçurymlaryň nobatdaky tapgyryna diplomlar gowşuryldy

Ýakynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň №15 hünär taýýarlyk merkezinde diplomlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak çäresi bolup geçdi. 30-dan gowrak talyp-uçurymlar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işgärleriniň hataryny doldurarlar. Uçurymlara olaryň mugallymlarynyň öwüt beriji sözleri ýaňlandy.

Häzirki wagtda №15 hünär taýýarlyk merkezinde 400-den gowrak talyp bilim alýar. Okuw merkezinde okuw işini üstünlikli gurnamak üçin ýeterlik bolan material-tehniki binýat bar. Merkeziň otaglary zerur bolan enjamlar, okuw-usuly we gollanma edebiýatlary bilen üpjün edilipdir.

Bilim beriş işini amala aşyrmak üçin Merkeze tejribeli mugallymlar we hünärmenler çekilýär. Olar ýaş hünärmenleriň ýokary hünär taýýarlygyny üpjün edýärler. Nebit we gaz çykarýan operator, himiki analiz laboranty, tehnologik we awtomatik desgalaryň abatlaýşy boýunça slesary we beýleki hünärler bu günki gün isleg bildirilýän hünärmenler bolup durýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň düzümine girýän ýokary hem-de orta hünärment okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de okuw merkeziniň ylmy binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary, nou-haulary, sanly ulgamy we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow işgärleriň hünär derejesini ýörite okuwlarda yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, munuň üçin Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de onuň Balkan welaýatyndaky şahamçasynyň esasy kafedralarynyň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň Mary hem-de Balkanabat şäherlerindäki orta hünär okuw mekdepleriniň, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan açylan okuw merkezleriniň mümkinçiliklerini ulanmagyň wajypdygyny aýtdy hem-de bu işi degişli derejede talabalaýyk guramak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Meňzeş täzelikler

2014