Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 542 müň dollary bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 668 müň manatlyk “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietileni, plastik poddonlary we ýer gazyjy tehnikalary satyn aldylar.

Meňzeş täzelikler

2014