Nebitiň bahalary 5-6 göterim aşaklaýar, «Brentiň» bahasy - $23,37

Nebitiň bahalary duşenbe güni söwdalaryň barşynda görnetin aşaklady. «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 23,37 dollara deň boldy. Bu görkeziji ondan öňki söwda günündäkiden 6,26 göterim aşakdyr, diýip INTERFAKS habar berýär.

«WTI-niň» bahasy 5,02 göterim arzanlap, 20,43 dollara çenli aşaklady. Deslapky söwdada onuň bahasy 4,8 göterim aşaklapdy.

Şertnamalaryň ikisi hem bäş hepdäniň netijeleri boýunça aşaklamagyny dowam etdi. Aýyň başyndan bäri olaryň bahasy 50 göterime golaý aşaklady, diýip MarketWatch ýazýar.

Islegiň depgini nebit bazarlaryna esasy täsir eder. Garaşylyşy ýaly, geljek hepdelerde bahalar aşaklamagyny dowam eder, diýip, Schneider Electric-iň çig mal analitigi Robbi Freýzer hasaplaýar.

Onuň aýtmagyna görä, isleg dikelip başlaýança, nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky Saud Arabystany bilen Russiýanyň arasyndaky islendik gepleşikler, şeýle hem Er-Riýadyň bazary doldurmak bilen bagly islendik synanyşyklar «islegiň geriminiň azalyş bilen deňeşdirilende degişlilikde bellärlikli däl bolup görner».

1-nji aprelden başlap, nebit çykalyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygy güýjüni ýitirýär.

Şol bir wagtda nebit bahalarynyň aşaklamagy ABŞ-da buraw desgalarynyň sanynyň bassyr iki hepdeläp azalmagyna getirdi. Baker Hughes amerikan nebithyzmat kompaniýasynyň anna güni habar berşi ýaly, geçen hepdede olaryň sany 40 birlik azalyp, 624 desga geldi.

WTRG Economics kompaniýasynyň ykdysatçysy Jeýms Uilýamsyň pikirine görä, ABŞ-da hereketdäki buraw desgalarynyň sany maý ýa-da iýun aýlarynda 500 birlikden aşak düşüp biler.

«Desgalaryň sanynyň näçe birlik azaljakdygy wirusyň ykdysadyýete täsiriniň dowamlylygyna we OPEC-iň Russiýa bilen ylalaşyp biljekdigine bagly bolar» diýip ol belledi.

Mundan başga-da, analitikler nebitammarlarynda boş ýerleriň dolmak howpuny hem belleýärler.

«Pudaklaýyn maglumatlara laýyklykda, nebit ammarlarynyň dolulyk derejesi 75 göterime ýetdi we islegiň pes derejesinde nebitiň mundan beýläk doldurylmasy eger-de önümçilik işjeňligi gaýtadan dikeldilmese, bahalaryň ýakyn aýlarda 10 dollara çenli aşak düşmegine getirer» diýip Sun Global Investments kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mihir Kapadiýa belledi.

Meňzeş täzelikler

2014