Nebitiň bahalary aşaklamadan soňra az-kem gymmatlap başlady

Nebitiň bahalary 2002-nji ýyldaky minimuma düşeninden soňra sişenbe güni irden 5 göterim aralygynda ýokarlanyp başlady. Muňa söwdalaryň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip Praým habar berýär.

«Brent» söwda belgili nebitiň maýdaky fýuçersleriniň bahalary 1,05 göterim ýokarlanyp, 23 dollara deň boldy. Onuň iýundaky fýuçersleriniň bahasy 1,67 göterim ýokarlanyp, 26,85 dollara deň boldy.

«WTI» söwda belgili nebitiň maýdaky fýuçersleriniň bahasy 5,13 göterim ýokarlanyp, 21,12 dollara ýetdi. Duşenbe güni «WTI-niň» bahasy 2002-nji ýylyň fewralyndan bäri ilkinji gezek 20 dollardan aşaklap, 19,92 dollara gelipdi. «Brentiň» bahasy 2002-nji ýylyň martyndan bäri ilkinji gezek 22 dollardan aşaklapdy.

Nebit bazary koronawirus ýaýrawy we OPEC+ nebitiň bahalaryny kadaly saklamak üçin onuň çykarylyşyny has düýpli çäklendirmek boýunça ylalaşyk gazanyp bilmänden soňra, Saud Arabystany bilen Russiýanyň arasyndaky mümkin bolan baha söşwei zerarly iki esse güýçli urga sezewar boldy.

Nebit bazaryndaky ýagdaýy RF-iň Prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp telefon arkaly maslahatlaşdy.

«Döwlet ýolbaşçylary koronawirusyň dünýä boýunça ýaýraýyş gerimini bilen bagly howatyrlanmalaryny beýan etdiler we bu howpa garşy göreşmek boýunça Russiýanyň we ABŞ-nyň görýän çäreleri hakynda habar berdiler. Bu ugurda iki ýurduň özara gatnaşyklaryny has işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy» - diýlip, Kremliň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

«Nebit bazarynyň häzirki ýagdaýy barada hem pikir alyşmalar geçirildi. Energetika ministrleriniň üsti bilen bu ugurda russiýa-amerikan geňeşmelerini geçirmek ylalaşyldy» - diýlip habarda aýdylýar.

Meňzeş täzelikler

2014