The Wall Street Journal: Saud Arabystanynyň nebiti hiç kime gerek däl boldy

Saud Arabystany Russiýa bilen baha söweşiniň çäklerinde 1-nji aprelden başlap, nebitiň önümçiligini artdyrdy, emma dünýä bazarynda islegiň pes şertlerinde ol hiç kime gerek däl boldy, diýip The Wall Street Journal neşiri çeşmä salgylanyp ýazýar.

Aprel aýynda nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygynyň hereket ediş güýji tamamlandy. Er-Riýad wada edişi ýaly, önümçilik kuwwatlyklaryny günde 12 million barrelden hem köp artdyrdy. Bu görkeziji birnäçe aý mundan öňki her günde çykarylýan möçberde 2 million barrel artykdyr.

Önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak mümkinçiligine eýe bolmak üçin Saud Arabystany has köp sanly tankerleri hakyna tutdy we nebiti ýükledi. Olaryň käbirleri çarşenbe güni, 1-nji aprelde Pars aýlagyndaky portlardan doly ýagdaýda  ugradylar. Emma olaryň barmaly ýeri ýok. Neşiriň çeşmesiniň düşündirişi ýaly, Bu ýagdaý Saud Arabystanyna öz «artykmaç» barrelleri üçin satyn alyjyny tapmak başartmandygyny aňladýar.

Şol bir wagtda Russiýa OPEC+ ylalaşygynyň hereket etmesiniň formal taýdan bes edendigine garamazdan, 1-nji aprelden başlap, nebitiň çykarylyşyny artdyrmagy meýilleşdirmeýär, diýip Bloomberg russiýaly çinownige salgylanyp habar berýär. Onuň düşündirişi ýaly, islegiň ýok wagtynda beýle edilmegi manysyz bolar.

Meňzeş täzelikler

2014