Gurluşyk-gurnama işleri ýokary depginde alnyp barylýar

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnama müdirligi Mary welaýatynyň çäklerinde ilatly ýerleri gaz bilen üpjün etmek, dürli basyşly gaz geçirijileri gurmak we abatlamak boýunça gurnama işlerini ýokary derejede amala aşyrýarlar.

Gurluşyk-gurnama işlerini ýokary hilli we üstünlikli ýerine ýetirmek üçin müdirligiň ygtyýarynda zerur bolan enjamlar, mehanizasiýa we ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler bar. Welaýatyň çäklerinde tejribeli hünärmenler gaz turbalarynyň we enjamlarynyň howpsuz we bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler.

Häzir gazçylaryň esasy önümçilik güýçleri Sakarçäge etrabynda jemlenen. Bu ýerde uzynlygy 2900 metr uzynlykdaky orta basyşly gaz geçirijide kebşirleme işleri alnyp barylýar. Işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli turba geçirijiniň 1000 metri ýokary tehnologiýaly kebşirlendi. Bu tehnologiýa onuň ulanyş möhletini uzaldýar we onuň howpsuzlygyny ýokarlandyrýar.

Meňzeş täzelikler

2014