«Lebapgazçykaryş»: ýanwar-fewral aýlary boýunça meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazyň we gaz kondensatynyň çykarylyşyny yzygiderli artdyrýarlar. 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda «Lebapgazçykaryş» kärhanasy tarapyndan 1 mlrd 555 mln müň inedördül metr tebigy çykaryldy, meýilnama 141 göterim ýerine ýetirildi.

Şunuň bilen birlikde, gaz kondensatynyň önümçiligi artdyryldy. Hasabat döwründe «Lebapgazçykaryş» 11,3 müň tonnadan gowrak gaz kondensatyny çykardy, meýilnama 136,5 göterim ýerine ýetirildi.

«Lebapgazçykaryş» kärhanasynyň Kükürtli önümçilik bölümi Kükürtli, Malaý, Bagaja, sakar, Çartak, Farap, Täjibaý känleriniň işine operatiw-tehniki gözegçiligi amala aşyrýar. 400-den gowrak hünärmen toruň işiniň ýokary hilini üpjün edýär. Hasabat döwründe tebigy gazy çykarmak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 150 göterim ýerine ýetirildi.

Gazçylaryň işlemegi, dynç almagy üçin zerur bolan ähli amatlyklar döredilendir.

Meňzeş täzelikler

2014