Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini saklap galmak üçin çäreleri görmeli

Koronawirus keseliniň ýaýramagy hem-de dünýä ykdysadyýetine ýetirýän zyýanly täsiri sebäpli ýüze çykan daşarky meselelere garamazdan, ýurdumyzyň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi. Onda Hökümetiň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň öndürilişi ýylyň başyndan bäri 6,3 göterim derejesinde durnukly saklanyldy, zähmet haklary 10 göterim artdyryldy.

Türkmenistanda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we birnäçe beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, ylym we bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilýär, bazar ykdysadyýeti kemala gelýär, nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan energetika we aragatnaşyk ulgamlary, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri taslamalaryň gurluşyklary alnyp barylýar. Şeýle hem beýleki halkara taslamalaryň amala aşyrylmagyna taýýarlyk görülýär.

Hususy pudaga goldaw bermek, ykdysadyýetdäki özgertmelerimizi amala aşyrmaga öz telekeçilerimizi giňden çekmek syýasatyny alyp barmak yzygiderli dowam edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde dünýäde örän çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýändigini belledi. Dürli derejeli agentlikleriň halkara bilermenleri şu ýyl dünýä ykdysadyýetiniň ählumumy derejede pese düşmegini çaklaýarlar. Koronawirusyň ýaýramagynyň dünýä ykdysadyýetine zyýanly täsir edýändigini belleýärler.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz goşmaça çäreleri görmegi hem-de işläp gelýän önümçilikleri we iş orunlaryny saklamagy tabşyrdy. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşi içerki önümçiligi ýokary depginli ösdürmek we senagat taýdan öz-özüňi üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmak, importy azaldyp, eksporty artdyrmak esasynda üpjün edilmelidir.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berilmelidir. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikler doly peýdalanylmalydyr. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi biziň yhlasly zähmetimize bagly bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýdylanlary jemledi.

Mejlisde habar berlişi ýaly, şu ýylyň 1-nji aprelindäki ýagdaýa görä, ýurdumyzyň döwlet býujetiniň girdeji bölegi 104,8 göterime deň bolup, çykdajy bölegi 90,3 göterim derejede ýerine ýetirildi. 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi 12,1 göterime barabar boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet býujetine we býujet çykdajylaryna gaýtadan seretmek boýunça teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemek barada görkezme berdi. Milli Liderimiz koronawirus ýokanjy zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzda telekeçilik işine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berjek çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegini üpjün etmek üçin anyk çäreleri görmek möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta kärhanalara karz bermek maksatnamasyny giňeltmek barada görkezme berildi. Salgytlary tölemegiň möhletleri gaýra goýulmaga we karz boýunça bergileri tölemek babatda ýeňillikler berilmäge degişli kärhanalaryň sanawyny kesgitlemeli.

Prezident nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan möhüm meseleleri üstünlikli ýerine ýetirmek we konsernleriň önümçilik işini dünýäde uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy bilen bagly ýagdaýlara uýgunlaşdyrmak üçin gaýra goýman, degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmen Lideri ulag agentlikleriň salgytlary ýa bolmasa alan karzlaryny tölemeli möhletini gaýra goýmak ýa-da olary goldamak boýunça beýleki çäreleri görmek barada teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirki döwürde söwda ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz her gün emele gelen ýagdaýa baha berip durmalydygyny, zerur bolanda durmuşda has gerek önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmelidigini nygtady.

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, wise-premýer Ş.Durdylyýewe gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmek we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almak tabşyryldy.

Dünýäde emele gelen kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik hem-de aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny dowam etmeli diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014