Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi we toplumy ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň belleýşi ýaly, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 109,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 116,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 105,9 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 104,8 göterim ýerine ýetirildi.

Suwuklandyrylan gazyň ösüş depgini 110,3 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 104,4 göterime, daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň ösüş depgini 102,1 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda şertleriň döredilmegi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça nebitgaz toplumynda esasy görkezijileriň ýerine ýetirilendigine garamazdan, olaryň käbiriniň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgininiň peselendigini aýtdy.

Şoňa görä-de, türkmen Lideri toplumyň öňünde goýlan möhüm meseleleri üstünlikli ýerine ýetirmek we konsernleriň önümçilik işini dünýäde uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy bilen bagly ýagdaýlara uýgunlaşdyrmak üçin gaýra goýman, degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Bu toplumlaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak arkaly daşary ýurt maýa goýujy ýöriteleşdirilen kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhümdir.

«Türkmengaz» döwlet konserni boýunça önümçiligiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz tebigy gazyň we gazhimiýa önümleriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça täze bazarlary öwrenmegi, önümleri ýerlemekden ýurdumyza gelip gowuşýan gyzyl puldaky serişdeleriň meýilnama laýyklykda alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany täze gurulmagy meýilleşdirilýän gazhimiýa toplumlarynyň ykdysady taýdan netijeliligini esaslandyrmak üçin ýörite barlaglary geçirip, teklipleri bermegiň möhümdigini nygtady.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy boýunça nebitiň, kondensatyň we dag magdanlarynyň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin meýilnamalarda göz öňünde tutulan işleri doly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Türkmen Lideri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işi bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, nebit önümleriniň halkara bazarlaryny düýpli öwrenmegiň, marketing barlaglaryny geçirip, bazarlarda isleg bildirilýän önümleriň sanawyny kesgitlemegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow nebit önümleriniň bahasy pese düşen häzirki döwürde bu önümleri ýerlemegiň amatly bazarlaryny gözlemegiň zerurdygyny aýtdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014