Türkmenistan we Rumyniýa «Hazar deňzi – Gara deňiz» ulag-üstaşyr geçelgesi baradaky Ylalaşygyň taslamasyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen geňeşmelerde «Hazar deňzi – Gara deňzi» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegi we durmuşa geçirilmegi baradaky hökümetara Ylalaşygynyň taslamasyny taýýarlamak işleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, rumyn wekiliýetine Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary D.Nekulaesku ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adatdan daşary ýagdaýlarda bökdençsiz halkara ulag daşamalarynyň üpjün edilmegi boýunça başlangyjy barada gürrüň etmek bilen, taraplar sebitde hem-de dünýäde pandemiýanyň täsiriniň ýeňilip geçilmeginiň barşynda Türkmenistanyň ähmiýetli ornuny nygtap geçdiler.   

Taraplar Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň ähmiýeti, şeýle-de döwlet hem-de hususy pudaklaryň wekilleriniň arasynda onlaýn-duşuşyklarynyň guramaçylygynyň zerurlygy barada gürrüň etdiler. «Hazar deňzi – Gara deňzi» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň döredilmegi we durmuşa geçirilmegi baradaky hökümetara Ylalaşygynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-rumyn gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerledilmegi ugrunda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özarahereketleriň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň, ÝB-niň we ÝHHG-niň çäklerinde işjeň özarahereketler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Meňzeş täzelikler

2014