Türkmenistan we BAE işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklaryň guramaçylygynyň netijeli gural bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda gürrüň etmek bilen taraplar bu ugurda özara hereketleri giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-emirlikler toparynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, iki döwletiň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek boýunça meselelere seredildi.

Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebitgaz känlerini işläp taýýarlaýan «Dragon oil» kompaniýasy Birleşen Arap Emirliklerinden iň iri maýadar bolup durýar. 2000-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu operator şertnamalaýyn çäkde uglewodorodlaryň gündelik ortaça çykarylyşyny 10 esseden gowrak artdyrdy. Muny ýurdumyzyň uglewodorod deňiz känleriniň özleşdirilmegindäki uly mümkinçilikler tassyklaýar.

2019-njy ýylyň mart aýynda «Dragon oil» kompaniýasy Türkmenistanyň deňiz känlerini özleşdirmek üçin 6,6 milliard dollardan gowrak maýa goýum goýandygyny habar berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014