Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdy. Ylmy-amaly maslahat alty sany mowzuklaýyn bölümçelerde geçirildi. Olarda 170-e golaý çykyşlar diňlenildi.

Bölümçeleriň mejlisinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde milli hukuk ulgamynyň orny beýan edildi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmen döwletiniň hukuk esaslaryny ata-babalarymyzdan gelýän demokratik gymmatlyklarymyzy nazara alyp berkitmek işi yzygiderli we maksada okgunly alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlygymyzyň esasy nyşany bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bu günki gün bütin dünýäde bellidir. Ol BMG-niň ştab-kwartirasynyň öňünde belentde parlamak bilen, Türkmenistanyň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ýörelgelerini özünde jemleýär.

Meňzeş täzelikler

2014