Bütindünýä nebit kongresiniň geçirilmegi bir ýyl soňa — 2021-nji ýyla süýşürildi

2020-nji ýylyň 6-10-njy dekabrynda geçirilmegi meýilleşdirilen 23-nji Bütindünýä nebit kongresi laýyk bir ýyl soňa süýşürildi, diýip Interfaks habar berýär.

Guramaçylaryň habarynda belleýşi ýaly, COVID-19-yň täsiriniň giňden ýaýramagy, şol sanda saglyk we howpsuzlyk meseleleri, syýahatçylyk üçin çäklendirmeler we dünýäniň nebit senagatyna täsir tutuş dünýä üçin adatdan daşary çagyryş bolup durýar we nebitgaz toplumyna ägirt uly zyýan ýetirdi. Şonuň üçin hem Bütindünýä nebit kongresiniň guramaçylyk geňeşi kongresi 2021-nji ýylyň 5-9-njy dekabryna çenli yza süýşürmek hakynda karara geldi.

Ştab-kwartirasy Londonda ýerleşýän Bütindünýä nebit kongresi 1933-nji ýylda esaslandyryldy we 65 döwleti, şol sanda nebiti we gazy iri öndürijiler bolan — ABŞ, Russiýa we Saud Arabystany ýaly döwletleri hem öz içine alýar.

Meňzeş täzelikler

2014