«Türkmengaz» DK «Turkmen Petroleum Products Trade DMCC» bilen hyzmatdaşlykda Döwletabat käninde gazyň çykarylyşyny artdyrar

Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen hökümet mejlisiniň dowamynda degişli karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konsernine “Döwletabat” gaz känindäki ulanyşdaky 30 sany gaz guýusynda tebigy gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Turkmen Petroleum Products Trade DMCC” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Mary welaýatynda ýerleşen Döwletabat iri gaz käni 1982-nji ýylda açyldy. Onuň başlangyç gaz gory 1,3 trln kub metre barabardy. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bu kän Türkmenistanyň gaz eksportynyň esasy çeşmesidi.

Häzirki wagtda bu känden çykarylýan tebigy gaz içerki sarp edijilere bolşy ýaly, eksporta hem iberilýär.

Türkmenistan tebigy gazyny HHR-e we Russiýa Federasiýasyna eksport edýär. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi gazyň eksportynyň mundan beýläkki diwersifikasiýasyny üpjün eder. Bu ugur üçin çig mal çeşmesi bolup, «Galkynyş» ägirt uly gaz käni çykyş eder.

 

Meňzeş täzelikler

2014