Türkmenistanyň Prezidenti walýuta serişdelerini döwletiň ätiýaçlyk goruna geçirmegi tabşyrdy

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, Türkmenistanda wagtlaýyn çäre hökmünde walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan serediler. Degişli görkezmäni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysdyýet boýunça wise-premýer G.Müşşikowa geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde berdi.

Häzirki wagtda önümleri eksport edýän kärhanalardan we guramalardan, şeýle hem hususy firmalardan gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň 50 göterimini däl-de, dolulygyna döwletiň ätiýaçlyk goruna geçirmeli diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Walýutada alnan bu serişdeleriň öwezini bolsa, milli pul birliginde dolmaly.

Häzirki döwürde harytlary, mysal üçin, zerur bolan derman serişdelerini ýa-da gurluşyk enjamlaryny satyn almak boýunça topary döretmek barada görkezme bermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow bu toparyň şu maksatlar üçin kärhanalaryň we guramalaryň milli puldaky serişdelerini daşary ýurt puluna öwürmek meselesine seretmegini onuň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu işleri guramak üçin üç gün wagt berildi.

Meňzeş täzelikler

2014