«Türkmennebitönümleri» BM-niň «Gubadagnebit» kärhanasy: durnukly we ygtybarly iş

2020-nji ýylyň dört aýynyň netijeleriniň görkezişi ýaly, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Gubadagnebit» kärhanasynyň hünärmenleri Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerini nebit önümleri bilen durnukly we ygtybarly ýagdaýda üpjün edýärler.

Kärhananyň esasy wezipeleriniň hatarynda — bökdençsiz önümçilik işjeňligini, işgärleriň howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmek, ilaty awtomobil ýangyjy bilen durnukly üpjün etmek, AÝGB-da we ammar desgalarynda ýangyn howpsuzlyk inwentarynyň toplumynyň dolulygyny barlamak, şeýle hem daşky gurşawa täsiri azaltmak wezipeleri durýar.

Hasabat döwründe häzirki zaman kompýuter çözgütleriniň ýokary hilli peýdalanylyşy ýola goýuldy. Bu bolsa awtomobillere ýangyç guýujy beketleriniň alty sanysynyň gije-gündizleýin bökdençsiz hereket etmegini üpjün edýär. AÝGB torlaryna (№47, 124, 150, 152, 170, 172) elektron kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyk usullary ornaşdyryldy. Iň täze tehnologiýalary ulanmalyga esaslanýan hasaplaşyklaryň bu häzirki zaman görnüşi hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, ulanyjylar üçin oňaýlylygy we netijeliligi artdyrmaga ýardam edýär.

«Gubadagnebit» kärhanasynyň ygtyýarynda şeýle hem ýörite ulag parky bolup, onuň düzüminde ýük göterijiligi 10,5 tonna bolan KaMaz-65115 kysymly awtoulag, şeýle hem nebit önümlerini daşamak üçin ZIL-433362 kysymly awtoulag we ş.m. bar.

Öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, döwrebap tehniki enjamlar we önümçilik binýady, işgärleriň baý tejribesi «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Gubadagnebit» kärhanasynyň üstünlikli işiniň girewidir.

Meňzeş täzelikler

2014